Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gresiýa, Kipr we Ysraýyl “EastMed” gazgeçiriji proýektine gol goýdular


Kipriň prezidenti Nikos Anastasiades, Gresiýanyň premýer-ministri Kyriakos Mitsotakis we Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu. Afina, Gresiýa. 2-nji ýanwar, 2020 ý.
Kipriň prezidenti Nikos Anastasiades, Gresiýanyň premýer-ministri Kyriakos Mitsotakis we Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu. Afina, Gresiýa. 2-nji ýanwar, 2020 ý.

Gresiýa, Kipr we Ysraýyl Ortaýer deňziniň gündogaryndan Ýewropa gazy akdyrjak 1 müň 900 kilometrlik geçirijini deňziň düýbi bilen çekmek baradaky ylalaşyga gol goýdular. Munuň Kontinentiň Russiýanyň energiýa serişdelerine bolan garaşlylygyny peseltmäge ýardam etjekdigi bellenilýär.

Gresiýanyň premýer-ministri Kyriakos Mitsotakis, Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu we Kipriň prezidenti Nikos Anastasiades 2-nji ýanwarda Afinada “EastMed” diýlip atlandyrylýan proýektiň gol çekiş dabarasyna gatnaşdylar.

Bu şu ýyl Russiýanyň “Türk akymy” we “Demirgazyk Akymy 2” täze geçirijileri arkaly Ýewropa gazy akdyryp başlamak planlaryna gabat geldi.

Rus prezidenti Wladimir Putiniň we türk prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň “Türk akymy” geçirijisini 8-nji ýanwarda işe girizmeklerine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG