Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

12-nji ýanwar - Hatyra güni golaýlaýar: Gökdepe galasynyň synan güni bu ýyl Türkmenistanda nähili hatyralanar?


Gödepe galasy ugrundaky söweşi şekillendirýän eser
Gödepe galasy ugrundaky söweşi şekillendirýän eser

Öňümizdäki ýekşenbe häzirki Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşen Gökdepe galasynyň synmagyna tegelek 139 ýyl dolýar.

1881-nji ýylyň ýowuz gyş güni rus basybalyjylary bilen erkinlik ugrunda söweşen türkmen halkynyň arasynda bolan söweşde şol wagtky Rus imperiýasynyň harby goşunlary 12-nji ýanwarda Gökdepäni basyp aldy. Şondan 1 hepde soň, 18-nji ýanwarda häzirki Aşgabat rus goşunlarynyň eline geçdi.

Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sanynda ýazyjy we synçy Hudaýberdi Hally bilen Gökdepe söweşi hem-de garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda dikeldilip, 2014-nji ýyldan soň ýatyrylan 12-nji ýanwar – Hatyra güni barada söhbetdeşlik geçirildi.

  • Gökdepe söweşinde wepat bolan türkmen gerçeklerini her ýylyň 12-nji ýanwarynda resmi derejede hatyralamagyň güni, ýagny Hatyra güni Türkmenistanda 2014-nji ýyldan soň ýatyryldy. Munuň resmi derejede ýatyrylman başga güne geçirilendigini aýdýan adamlar bar.
  • Türkmenistanda sowet ýyllarynda, elbetde, Gökdepe söweşini hatyralamagyň ýörite güni bellenilmeýärdi. Hatyra güni garaşsyzlygyň irki ýyllaryndan başlap bellenilip başlandy. Hatyra gününi bellemeklik garaşsyzlyk ýyllarynda nähili çarkandakly öwrümleri başdan geçirdi?
  • Belki-de, iň esasy mesele, ýagny Hatyra gününi bellemegiň nähili ähmiýeti bar? Näme üçin türkmen halky ajy ýeňlişe sezewar bolan urşuny her ýyl ýatlamaly? Şeýle bir sebäp bolup bilermi, meselem, psihologlar adamyň öz durmuşynda başdan geçiren haýsydyr bir agyr trawmasyny ýatlamazlyga çalyşýandygyny aýdýarlar. Türkmen hökümeti bu möhüm senäni “ýarany her ýyl ganatmazlyk” üçin ýatyran bolup bilermi?
  • 2014-nji ýyldan soň rus agalygy astyndaky post-sowet giňişliginde üýtgän geosyýasy ýagdaýlar, şol sanda Ukrainanyň Krym regionynyň Russiýa tarapyndan anneksiýa edilmegi we beýleki üýtgeşmeler bilen Türkmenistanda Hatyra gününiň ýatyrylmagynyň arasynda nähili ilteşik bolup biler?
  • Gökdepe söweşine gatnaşan rus generaly Skobelew häzirki Russiýada gahryman yglan edilýär, ol barada bir topar dokumental film we beýlekiler surata düşürilýär. Näme üçin Türkmenistanda Gökdepe söweşine gatnaşan türkmen gerçekleri barada resmi metbugatda dymylýar?
  • Gökdepäniň türkmeniň milli kimliginiň berkedilmeginde möhüm roly bar. Gökdepe barada Türkmenistanda nähili edebi işler ýazyldy, kinofilmler surata düşürildimi, nähili sungat eserleri döredildi?

Gepleşigi aşakdaky düwmä basyp, diňläp bilersiňiz!

12-nji ýanwar - Hatyra güni golaýlaýar. Gökdepe galasynyň synan güni bu ýyl nähili hatyralanar?
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00


XS
SM
MD
LG