Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistandan Türkiýä sapar edýänleriň sanynyň yzygiderli artýandygy habar berilýär


Türkmen syýahatçylary
Türkmen syýahatçylary

“Trend” habar gullugy geçen ýylyň noýabrynda Türkiýä sapar eden türkmenistanlylaryň we özbegistanlylaryň 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10% we 34.4 % ýokary bolandygyny habar berýär.

Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň maglumatyna görä, noýabrda Türkiýä Türkmenistandan 21 müň 605 raýat, Özbegistandan 20 müň 582 raýat syýahat edipdir.

“Trend” sentýabrda türk resmilerine salgylanyp, Türkmenistandan bu ýurda sapar edenleriň sanynyň 2019-njy ýylyň iýul aýynda 33 müň 500 adam bolandygyny, munuň 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 30.60% köpdügini habar berdi.

Neşiriň maglumatyna görä, 2019-njy ýylyň ýanwar-iýul aýlarynyň aralygynda Türkmenistandan 170,500 syýahatçy Türkiýä sapar edipdir. Bu 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 20.27% köp bolýar.

Türkmenistanlylaryň köpüsiniň Türkiýä syýahatçylyk üçin däl-de, ýurtdaky işsizlik sebäpli, iş, gazanç aladalary bilen sapar edýändigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG