Siriýada we Yrakda “Yslam döwleti” toparynyň jeňçilerini nyşana alan ABŞ ýolbaşçylygyndaky koalisiýa, Eýranyň harby serkerdesini öldüren ABŞ zarbasyndan soň ýokarlanan howp-hatar arasynda yrak harbylaryna tälim bermegini togtatdy.
“Roýters” 3-nji ýanwarda german harbysynyň ýazan hatyny görendigini aýdyp, öz maglumatyny şol çeşme esasynda ýaýratdy.
Habar agentligi uly derejeli german ofiseriniň öz ýurdunyň kanun çykaryjylaryna ABŞ-nyň general-leýtenanty Pat White tarapyndan Yrakda Gaýragoýulmasyz çözgüt operasiýasy esasynda ýerleşdirilen goşunlaryň gorag derejesini ýokarlandyrmak kararyna gelendigini aýdyp, hat ýazandygyny habar berdi.
"Şeýlelikde, Yrak boýunça ýurduň howpsuzlyk we ýaragly güýçleriniň tälimi wagtlaýyn togtadyldy” diýip, german general-leýtenanty Erich Pfeffer Bundestagyň Goranyş we daşary ýurt gatnaşyklary komitetine 3-nji ýanwarda iberen hatynda aýtdy.
"Bu karar Yragyň türgenleşik meýdanlarynda Gaýragoýulmasyz çözgüt operasiýasyna gatnaşýan ähli taraplar üçin hökmany” diýip, onuň hatynda aýdylýar.
ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koaslisiýada, Gaýragoýulmasyz çözgüt operasiýasynyň çäginde Germaniýanyň 120 esgeri bar.
Biraz soň, 4-nji ýanwarda NATO-nyň sözçüsi hem ýaranlygyň öz Yrakdaky tälim missiýasyny togtadandygyny tassyk etdi.