ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, eger-de Tähran islendik amerikan nyşanasyny ursa, Waşingtonyň “örän çalasyn we gaty berk” zarba urulmaly 52 “eýran nyşanasyny” kesgitländigini aýtdy, şol bir wagtda-da ABŞ köçelerinde Eýranyň ýokary derejeli komandiriniň öldürilmegine getiren zarba garşy irki protestler başlandy.
“Eýran, onuň ömür boýy öldüren adamlaryny, şol sanda ýüzlerçe eýranly protestçini agzamanymyzda hem, biziň dünýäni olaryň ýap-ýaňy bir amerikalyny öldüren we köp adamy ýaralan terrorçy liderinden dyndaranymyz sebäpli ar almak üçin, belli bir ABŞ aktiwlerine hüjüm etmek hakynda örän batyrgaý gürrüň edýär” diýip, prezident Tramp 4-nji ýanwarda twitterde ýazdy.
Tramp 3-nji ýanwarda Yraga baranda ABŞ zarbasy netijesinde öldürilen Kasem Suleýmaniniň eýýäm Bagdatdaky ABŞ ilçihanasyna hüjüm edip ýetişendigini we “beýleki obýektlere goşmaça zarba urmaga taýýarlanandygyny” hem sözüne goşdy.
“Eýran köp ýyl bäri diňe problema bolup geldi.Eger-de Eýran islendik amerikala, ýa-da amerikan aktiwlerine hüjüm etse, goý, bu DUÝDURYŞ bolsun, biz Eýranyň 52 nokadyny, käbiri Eýran we eýran medeniýeti üçin örän ýokary derejeli we möhüm bolan ýerleri (Eýran tarapyndan kän ýyl öň zamun alnan 52 amerikala wekilçilik edip) nyşana aldyk.”
Tramp “ol nyşanalaryň we Eýranyň özüniň “ÖRÄN ÇALT WE ÖRÄN BERK URULJAKDYGYNY, ABŞ-nyň mundan artyk howp-hatar islemeýändigini” ýazdy.
Tramp zamun alnanlar diýmek bilen, 1979-njy ýylda eýranly ynkylapçylaryň Tährandaky ABŞ ilçihanasyny ele geçirende alan zamunlary, 444 gün ýesirlikde saklanan 52 amerikalyny nazarda tutýar.
Mümkin bolan nyşanalaryň sanawyna “medeni” ojaklaryň hem goşulmagy tankytçylaryň arasynda käbir aladalary döretdi.
Resmi ýagdaýda “Kuds” güýçleriniň öldürilen başlygynyň ýasyny tutýan Eýran 5-nji ýanwarda bu haýbata Birleşen Ştatlary halkara kanunçylygyny bozmakda aýyplap we Trampyň mümkin bolan nyşanalaryň sanawyna medeni ojaklary hem goşmagyny tankytlap jogap berdi.
Prezident Barak Obamanyň adminstrasiýasynda milli howpsuzlyk resmisi bolan Kolin Kahl (Colin Kahl) twitterde özüne “Pentagonyň Trampy Eýranyň medeni ojaklaryny içine alýan nyşana mümkinçilikleri bilen üpjün etjegine ynanmagyň kyn bolandygyny” ýazdy.
“Trampy, belki-de, uruş kanunlary alada goýup durmaz, emma DoD planlaşdyryjylary we hukukçylar bu barada alada eder... medeni ojaklary nyşana almak uruş jenaýaty bolýar” diýip, ol aýtdy.
Eýran dilde gaýtawul berdi, emma 3-nji ýanwarda urlan we Yragyň Eýran tarapyndan goldanylýan “Haşd-Şaabi” milisiýasynyň başlygynyň orunbasary Abu Mahdi al-Muhandisi hem öldüren zarbadan bäri bilinýän harby ar alyş çäresini görmedi.
Tramp bu sözleri Eýranyň Yslam rewolýusiýasynyň goragçylary korpusynyň uly derejeli komandiri şunuň ýaly söz gaýtawulyny berip, Amerikanyň 35 nyşanasynyň mümkin bolan ar alyş obýekti bolup biljekdigini ýaňzydandan soň aýtdy.
Ýarym resmi “Tasnim” habar agentligi general Gholamali Abuhamzehiň sözlerini sitirläp, Tähranyň amerikanlary Eýranyň eliniň ýetýän islendik çäginde jezalandyrjakdygyny aýtdy we Pars aýlagyndaky gämilere hüjüm etmekligi öňe sürdi.
Eýranyň ýokary ruhany lideri Ali Hameneýi Suleýmanini öldüren “jenaýatçylara” garşy “gazaply “öç alyş” çäresiniň görüljekdigini aýdyp haýbat atsa, prezident Hassan Rohani telewideniýede berlen sözünde bu kast edişiň Tährany Birleşen Ştatlara garşy durmakda has kän kararly etjekdigini aýtdy.
Rohaniniň geňeşçisi Hesameddin Aşena 5-nji ýanwarda twitterde Eýranyň “amerikan halky bilen hiç bir problemasy ýok” diýip ýazdy we öz ýurdunyň mundan öňki ABŞ adminstrasiýasy bilen ylalaşyklary gazanyp bilendigini belledi.
“Biziň problemamyz Tramp” diýip, ol ýazdy. “Uruş turan halatynda, doly jogapkärçilik çekjek hem şol bolar” diýip, eýran resmisi aýtdy.
Demonstrasiýaçylar ABŞ-nyň bir topar şäherinde köçelere çykyp, ABŞ güýçleriniň nyşana alyp, adam öldürmegine protest bildirdi.
"Adalat ýok, parahatçylyk ýok, ABŞ ýakyn Gündogardan çyk” diýip, Nýu-Ýorkuň Taým skwerinde toplanan adamlar gygyrdy. Protestçileriň käbiri “Yragy bombalamagy bes et” we “Eýrana garşy uruş we sanksiýalar bolmasyn” diýen şygarlary galdyrdy.
Waşingtonda, Ak tamyň garşysynda toplanan 200 çemesi adam “Eýrana garşy uruş bolmasyn” diýip gygyrdy, şunuň ýaly çäreler Çikago, Filadelfiýa, San Fransisko şäherlerinde we beýleki ýerlerde hem gurnaldy.
ABŞ-nyň öňden gelýän ýaranlarynyň köpüsi, käbiriniň bu karary oňlandygyna garamazdan, harby zarbanyň ozaldanam dartgynlylygy ýetik bolan Ýakyn Gündogarda has giň çaknyşyklaryň turmagyna sebäp bolmak ähtimallygyndan alada bildirdi,
Yragyň parlamentiniň 5-nji ýanwarda harby bazalardaky ABŞ goşunlaryny çykarmak meselesini sese goýmagyna garaşylýar.
Adatdan daşary parlament sessiýasy ABŞ ýolbaşçylygyndaky koalisiýa Yragyň golaýynda koalisiýa goşunlarynyň ýerleşýän bazasyna iki sany raketa hüjüminiň edilendigini aýdandan soň yglan edildi. Emma bu hüjümler esgerlere zeper ýetirmedi. Koalsiýa raketa hüjümleriniň yraklylary ýaralan bolmagynyň ahmaldygyny aýtdy.