Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus, rus resmileri nebit ylalaşygyna geldi


Orsýetden Belarusa iberilýän nebit 1-nji ýanwarda, tranzit nyrhlarynyň dawasy üstünde togtadyldy. 
Orsýetden Belarusa iberilýän nebit 1-nji ýanwarda, tranzit nyrhlarynyň dawasy üstünde togtadyldy. 

Nebit resmileri Orsýetiň Belarusa çig nebit ibermegini dikeltmek baradaky ylalaşyga gelendigini aýdýarlar. Orsýetden Belarusa iberilýän nebit 1-nji ýanwarda, tranzit nyrhlarynyň dawasy üstünde togtadyldy.

Belarus öz has uly goňşusyndan import edýän nebitine üpjünçiniň goşmaça nyrh goýmakdan el çekdi diýip, Belarusyň “Belneftekhim” kompaniýasynyuň 4-nj ýanwardaky beýanatynda aýdylýar.

Bu ylalaşyk Belarusyň nebiti gaýtadan işleýän kärhanalarynyň işiniň ýanwar aýynda dowam etdirilmegine şert döreder diýip, olar aýtdylar.

"Goşmaça bahasyz satyn alynjak nebitiň ilkinji partiýasynyň dokumentleri şu gün rus kompaniýasy bilen bilelikde taýýarlandy” diýip, “Belneftekhimiň” beýanatynda aýdylýar.

Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew we Belarusyň premýer-ministri Syarhey Rumas biraz öň bu petikden çykmak tagallasynyň çägindetelefonda gürleşdi.

BelarusOrsýete energiýa we nagt pul babatynda köp derejede garaşly bolup durýar, Orsýetiň bolsa Ýewropa energiýa iberýän esasy tranzit ýoly Belarusyň üstünden geçýär.

XS
SM
MD
LG