Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hasabat: Täjik-özbek serhedi minalardan arassalandy


Täjigistanyň Minalar boýunça Milli Merkeziniň maglumatyna görä, soňky 20 ýylyň dowamynda minalar sebäpli 800 töweregi raýat ejir çekipdir.

Özbegistan Täjigistan bilen umumy serhediniň töweregindäki sebitlerde minalary arassalamak işlerini tamamlady diýip, Asia-Plus ýerli neşir Täjigistandaky çeşmelerine salgylanyp maglumat berdi.

Serhedi minalardan arassalamak barada özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň 2018-nji ýylyň martynda Täjigistana eden saparynyň dowamynda ylalaşylypdy.

Şonda iki lider minalaryň 2019-njy ýylyň ahyryna çenli aýryljakdygy barada wada beripdiler.

Minalar 1990-njy ýyllaryň aýagynda serhediň özbek tarapynda ýerleşdirilipdi. Şol pursat Daşkent öz territoriýasyna Özbegistanyň Yslam Hereketi toparynyň agzalarynyň girmeginiň öňüni almak maksady bilen bu çäreleri geçirendigini aýdypdy.

Täjigistanyň Minalar boýunça Milli Merkeziniň maglumatyna görä, soňky 20 ýylyň dowamynda minalar sebäpli 800 töweregi raýat ejir çekipdir.

Özbegistanda 2016-njy ýylda häkimiýet başyna Mirziýoýew geçeli bäri iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar göz-görtele gowulandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG