Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

E3 topary Eýrany ýadro ylalaşygyna ygrarly bolmaga çagyrdy


Eýranyň urany baýlaşdyrmak boýunça Natanz desgasy.
Eýranyň urany baýlaşdyrmak boýunça Natanz desgasy.

Fransiýa, Britaniýa we Germaniýa Tährany 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygynyň şertlerine sarpa goýmaga çagyrdylar. Mundanam başga, E3 hem diýlip atlandyrylýan topar ABŞ güýçleri tarapyndan eýranly generalyň öldürilmegi bilen baglylykda Tährany gazaplylykdan daşda durmaga çagyrdylar.

6-njy ýanwarda ýaýradylan umumy beýanatda Ýewropa Bileleşiginiň üç döwleti Yrakdaky we Eýrandaky dartgynlylyklaryň gowşadylmagynyň we “Yslam döwleti” ekstremistiki toparyna garşy alnyp barylýan göreşiň möhümdigine ünsi çekdiler.

“Biz ‘Yslam döwleti’ toparyna garşy alnyp barylýan göreşe ygrarlygymyzy tekrarlaýarys. Bu ilkinji derejeli möhüm mesele. Bu ýagdaý boýunça biziň koalisiýany saklap galmagymyz zerurdyr. Biz yrak resmilerini koalisiýany gerekli serişdeler bilen üpjün etmegini dowam etdirmegine çagyrýarys” diýip, E3 toparynyň beýanatynda aýdylýar.

Mundan bir gün öň, Eýran ABŞ bilen ýitileşýän dartgynlylyklaryň fonunda ýadro ylalaşygynyň göz öňünde tutýan çäklendirmelerinden el çekýändigini aýdypdy.

Bu beýanat ABŞ-nyň zarbasy netijesinde Yrakda eýranly ýokary derejeli kommandir Kasem Suleýmaniniň öldürilmeginden üç gün soň ýaýradyldy.

XS
SM
MD
LG