Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Teke bazarda” baýramçylygyň öňýany dörän adatdan daşary arzan miwe bolçulygy aradan aýryldy, bahalar öňki-öňkülik boldy


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Täze ýylyň öňýanyndaky elýeterli bahalary berk döwlet gözegçilinde kesgitlenen miwe önümleri "Teke bazarda" ýene-de erkin bahadan satylyp başlandy. Döwlet azyk harytlaryň satyjylar tarapyndan kesgitlenen täze bahalaryna gatyşmaýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy 6-njy ýanwarda habar berdi.

Habarçy paýtagtyň iň ýörgünli bazarlaryndan “Teke bazara” aýlanyp, harytlaryň bahalary bilen tanyşdy:

Onuň maglumatlaryna görä, käbir iýmit önümleriniň 1 kilogramynyň Teke bazardaky soňky bahalary şeýle:

  • Kartoşka, sogan: 5 manat
  • Pomidor, hyýar: 8 manat
  • Süňkli goýun we sygyr etiniň döwlet tarapyndan kesgitlenen bahasy 24 manat
  • Etiň jylkasy 50 manat
  • Alma 6-12 manat
  • Pyrtykal (apelsin) 8-10 manat
  • Nar 15-25 manat
  • Ýertudana (klubnika), 350 gramy 30 manat
  • Limon – 1 sany – 2 manat
  • Ananas – 1 sany – 20 manat
  • Kokos – 1 sany – 10 manat

“Teke bazarda Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda döwlet miweleriň ähli görnüşini 6 manat möçberinde kesgitli bahadan satdy, häzir satyjylar miweleri erkin bahadan satýar, döwlet bahalara gatyşmaýar” diýip, habarçy Aşgabatdan habar berdi.

Onuň 6-njy ýanwarda iberen maglumatlaryna görä, Aşgabatda häzirki wagtda walýutanyň gara bazarynda dollar 19 manatdan satyn alynýar hem-de 19 manat 40 teňňeden satylýar.

Ýatlasak, Täze ýyl baýramçylygynyň öňýany Azatlygyň habarçysy “Teke bazarda” adaty bolmadyk miwe bolçulygynyň emele gelendigini habar berdi. Bazarda hökümet gözegçiliginde ýörite söwda nokatlary döredildi. Olarda miweli önümler satyldy.

"Teke bazarda irden ekzotiki miweler satylýar. Ähli söwda nokatlaryna uly nobatlar bar" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 30-njy dekabrda habar berdi.

Azatlygyň ýerli habarçylarynyň maglumatlaryna görä, Täze ýyl baýramçylygynyň öňýany ýurduň beýleki regionlarynyň döwlet dükanlarynda-da käbir miweler döwletiň kesgitlän bahasyndan satyldy.

30-njy dekabrda Azatlygyň Marydaky habarçysy şähere golaý etraplaryň döwlet dükanlarynda adam başyna çäkli möçberde kesgitli bahadan almanyň, apelsiniň (pyrtakal) we armydyň satylandygyny habar berdi. Ýöne bu isleg bildirilýän harytlary satyn almak üçin Maryda-da uly nobatlar döredi.

Täze ýylyň öňýany azyk haryt elýeterliligi Lebapda-da döredi. Ýatlasak, baýramçylygyň öňýany Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň hem-de käbir etraplarynyň döwlet dükanlarynda gyt harytlaryň ýeňillikli söwdasy ýola goýuldy. Bu barada Azatlygyň habarçysy 26-njy dekabrda habar berdi.

Lebapda döwlet bahasyndan ilata elýeterli edilen harytlaryň arasynda arassalanmadyk pagta ýagynyň 5 litri, baýramçylygyň öňýany, her hojalyga 20 manatdan satyldy, şeýle-de döwlet bahasyndan her hojalyga 5 kilogramdan un satyldy.

Türkmen hökümeti Täze ýyl baýramçylygynyň öňýany ýurduň söwda nokatlarynda azyk harytlaryň üpjünçiligini ýola goýmagy wada berdi.

Ýöne baýramçylygyň yzýany, habarçynyň soňky maglumatlaryndan mälim bolşuna görä, Aşgabadyň Teke bazarynda nyrhlar öňki-öňkülik boldy, azyk harytlaryň ýerli ilat üçin gymmat bahalary täzeden öz güýjüne girdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG