Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Diriligini subut etmedik lebaplylaryň pensiýa we kömek pullary olaryň bank kartlaryna geçirilmedi


Türkmenistanda mümkinçiligi çäkli adam we onuň hossarlary. Arhiwden alnan surat
Türkmenistanda mümkinçiligi çäkli adam we onuň hossarlary. Arhiwden alnan surat

Lebapda özleriniň diriligini subut etmedik raýatlaryň dekabr aýy üçin pensiýa we döwlet kömek pullary olaryň bank hasaplaryna geçirilmedi diýip, Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky habarçylarynyň biri habar berýär.

“Pensionerler, kömek puluny alýan çagaly eneler we mümkinçiligi çäkli raýatlar munuň sebäpleri bilen gyzyklanyp degişli edaralara ýüzlenýärler. Şonda olara özleriniň ýaşaýandygyny subut edýän resminamalar tabşyrylmasa, onda olaryň pensiýa we kömek pullarynyň bank hasaplaryna geçirilmejekdigini duýdurypdyrlar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli anonim şertde maglumat beren habarçy 6-njy dekabrda gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, pensionerler we kömek puluny alýan raýatlar bu barada öňünden resmi duýduryş berilmändigini aýdyp, ýagdaýdan nägile bolýarlar.

“Dekabrda etrap pensiýa bölümleri diňe 62 ýaşdan geçen pensionerleriň kepilnamalarynyň zerurdygyny, galan adamlardan we kömek puluny alýan raýatlardan bu resminamalaryň soralmaýandygyny aýtdylar. Indi bolsa olary ähli adamlaryň tabşyrmalydygyny aýdýarlar” diýip, habarçy lebaply pensionerleriň biriniň sözüni sitirledi.

Ýatlatsak, geçen aý Azatlygyň Lebapdaky habarçylarynyň biri türkmenabatly pensionerleriň ýaşaýan ýerlerindäki pensiýa edaralaryna ýüz tutup, özleriniň diriligini subut etmäge borçly edilýändigini habar beripdi.

Aýdylmagyna görä, häzirki wagt resmiler soralýan resminamalary şu aýyň 15-ne çenli degişli döwlet edaralaryna tabşyran raýatlaryň dekabr we ýanwar aýlary üçin pensiýa we kömek pullarynyň fewral aýynyň başynda bank hasaplaryna geçiriljekdigini hem duýdurýarlar.

“Resminamalary şondan soň tabşyran raýatlaryň pensiýa we kömek pullary mart aýynyň başynda plastik kartlaryna geçiriler. Pensiýa we kömek pullaryny alýan adamlar bu aý nädip gün görjeklerini bilmeýändiklerini aýdýarlar” diýip, habarçy belledi.

Türkmenistanda pensiýa we kömek pullary adatça her aýyň 1-5 aralygynda bank kartlaryna geçirilýär.

Azatlyk Radiosyna ýokarda aýdylan ýagdaýlary we talaplary Lebap welaýatynyň döwlet edaralaryna resmi taýdan tassyklatmak häzirlikçe başartmady.

Türkmenistanda döwlet kömek pullaryny alýan raýatlaryň özleriniň diriligini tassyklamagyna degişli talaplar barada ilkinji gezek habar berilýär. Ýöne pensionerlere degişli düzgünler barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary bir ýarym ýyldan gowrak wagt bäri habar berip gelýärler.

Ýerli resmileriň Azatlygyň habarçylaryna aýtmagyna görä, bu çäreler pensionerleriň ölen ýagdaýynda olaryň bank kartlaryna geçirilýän puldan olaryň ýakynlarynyň ulanylmazlygy üçin görülýär. Emma olar bu çäreleriň näme sebäpden çagaly enelere we mümkinçiligi çäkli adamlara garşy görülýändigini düşündirmeýärler.

2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanda pensiýanyň iň pes möçberi 338 manat we döwlet kömek pullarynyň iň pes möçberi 322 manat derejesinde kesgitlenýär. Her ýyl pensiýalar we kömek pullary 10% göterilýär.

Emma türkmenistanlylar ýurtda harytlaryň we hyzmatlaryň yzygiderli gymmatlaýan döwründe pensiýalaryň we kömek pullarynyň 10% göterilmeginiň täsiriniň duýulmaýandygyny aýdýarlar. Şol bir wagtda, olar plastik kartlaryna geçirilen puly nagtlaşdyrmakda hem häli-şindi kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG