Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Awstraliýadaky ýangynlar bilen göreşmek üçin 200 halas edijini ugratmaga taýýardygyny aýdýar


Ukrainanyň içeri işler ministri Arsen Awakow

Ukrainanyň içeri işler ministri Arsen Awakow Awstraliýadaky ýangynlar bilen göreşmek üçin 200 halas edijini ugratmaga taýýardygyny aýtdy.

6-njy ýanwarda Facebook hasabynda ýerleşdirilen ýazgyda ukrain ýangyn söndürijileriniň islendik pursady ugradylmaga taýýardygy we Kiýewiň Awstraliýanyň bu baradaky kararyna garaşýandygy bellenilýär.

Mundan öň, Ukrainanyň Daşary işler ministrligi Kiýewiň Awstraliýa hemaýat bermäge taýýardygy barada beýanat ýaýradypdy.

“Awstraliýadaky ýangynlar ukrainlary biparh goýmaýar. Biz duýgudaşlygymyzy bildirýäris! Ukrain hökümeti ýörite tälim berlen 200 halas edijini ugratmaga taýýardygy barada Awstraliýa mälim etdi” diýip, Awakow belledi.

“Ukraina halas edijileri ähli zerur serişdeleri bilen 24-36 sagadyň içinde ýörite uçar arkaly heläkçiligiň ýüze çykan ýerine eltmäge taýýardygy barada Awstraliýa duýdurdy” diýip, ukrain resmisi sözüne goşdy.

Awstraliýada umumy hasapda 6 million gektar (60 müň km2) ýeri ot aldy. Bu Belgiýanyň territoriýasyndan hem iki esse uludyr.

Ýangynlarda 24 adam öldi we 1 müň 500 töweregi jaý weýran boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG