Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pentagon uruş döwrüniň kanunlaryna eýerjekdigini aýdýar


ABŞ-nyň goranmak sekretary Mark Esper
ABŞ-nyň goranmak sekretary Mark Esper

ABŞ-nyň goranmak sekretary Mark Esper Birleşen Ştatlaryň harbylarynyň Eýranyň medeni ähmiýetli sebitlerine zarba urmajakdygyny aýtdy. Mundan öň, prezident Donald Tramp bu ýerleriň hem nyşana alynjakdygy bilen haýbat atypdy.

“Biz ýaragly konfliktiň kanunlaryna eýereris” diýip, Esper 6-njy ýanwarda Pentagonda gurnalan brifingde aýtdy.

Trampyň Eýranyň medeni ähmiýetli sebitleriniň hem nyşana alnyp bilinjekdigi baradaky haýbaty Eýranda we onuň daşynda aladalanmalary döretdi. Human Rights Watch guramasy munuň uruş jenaýaty boljakdygyny aýtdy.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2017-nji ýyldaky rezolýusiýasyna laýyklykda, medeni ähmiýetli ýerleriň nyşana alynmagy uruş jenaýaty hökmünde häsiýetlendirilýär. Şol wagt bu rezolýusiýany Trampyň administrasiýasy hem goldapdy.

1954-nji ýylda kabul edilen Medeni mirasy gorap saklamak baradaky Gaaga konwensiýasy hem şular ýaly hereketi uruş jenaýaty hökmünde ykrar edýär.

ABŞ-nyň zarbasy netijesinde ýokary derejeli eýranly komandiriň öldürilmeginden soň, ABŞ we Eýranyň arasyndaky dartgynlylyklaryň ýitileşmeginiň fonunda, Tramp, eger-de Tähran islendik amerikan nyşanasyny ursa, Waşingtonyň zarba urulmaly 52, şol sanda medeni eýran nyşanasyny kesgitländigini aýdypdy.

XS
SM
MD
LG