Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda ýykylan ukrain uçarynyň bortunda 176 adam öldi


Ukrainanyň Halkara howaýollaryna degişli “Boeing 737-800” uçary Tähranyň Ymam Homeneýi adyndaky halkara aeroportundan asmana galanda ýykyldy.
Ukrainanyň Halkara howaýollaryna degişli “Boeing 737-800” uçary Tähranyň Ymam Homeneýi adyndaky halkara aeroportundan asmana galanda ýykyldy.

Ukrainanyň kommersiýa uçary 8-nji ýanwarda, Eýranyň paýtagty Tähranda asmana galandan kän wagt geçmänkä heläkçilige uçrap, bortundakylaryň ählisiniň, 176 adamyň ölümine sebäp boldy.

Uçaryň ýykylmagynyň anyk sebäbi aýdyň däl.

Ukrainanyň Halkara howaýollaryna degişli “Boeing 737-800” uçary Tähranyň Ymam Homeneýi adyndaky halkara aeroportundan asmana galanda, onuň motorlarynyň biri ot aldy diýip, Eýranyň Ýollar we transport ministrliginiň sözçüsi Kasem Biniaz aýtdy.

Şondan soň pilot uçara kontrollygy ýitirip, onuň aşak inmegine ýol berdi diýip, Biniaz döwlet eýeçiligindäki IRNA habar gullugyna aýtdy.

Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiniň beýanatynda Baş prokuratura bu heläkçiligi derňemek üçin jenaýat işini açmagyň tabşyrylandygy aýdylýar.

Eýran TW-si heläkçiligiň anyklaşdyrylmadyk tehniki sebäpler netijesinde bolandygyny aýdyp, ýerli awiasiýa resmisiniň “pilot adatdan daşary ýagdaý yglan etmedi” diýendigini habar berdi.

Eýranyň döwlet TW-si uçaryň gara gapyrjaklarynyň ikisiniň hem tapylandygyny aýtdy. "Mehr" habar gullugy ýerli resmä salgylanyp, bu gutularyň "Boeing" kompaniýasyna derňew üçin beriljek däldigini aýtdy.

Wladimir Zelenskiý beýanat çap edip, deslapky maglumat esasynda, uçardaky ýolagçylaryň we ekipaž agzalarynyň ählisiniň heläk bolandygyny aýtdy.

Şeýle-de Zelenskiý Ukrainanyň betbagçylygyň nähili ýagdaýlarda bolandygyny anyklamaga çalyşýandygyny aýtdy.

"Men ýolagçylaryň we ekipaž agzalarynyň garyndaşlaryna we dostlaryna çyn ýürekden gynanç bildirýärin” diýip, Zelenskiý özüniň Omana saparyny kelteldip, Kiýewe dolanýandygyny yglan etdi.

Uçaryň ýolagçylarynyň köpüsi eýranlydy, ýöne olaryň arasynda günbatar we ukrain raýatlary hem bar eken.

Ukrainanyň daşary işler ministri Wadym Prystayko uçarda Eýranyň 82, Kanadanyň 63, Şwesiýanyň 10 raýatynyň, dört owganystanlynyň, üç germaniýalynyň we üç britaniýalynyň bolandygyny aýtdy.

Ukrainanyň Howpsuzlyk geňeşi uçar betbagtçylygynda 11 ukrainalynyň, şol sanda dokuz ekipaž agzasynyň ölendigini aýtdy.

Uçuşlary yzarlaýan “Planespotters” saýtynyň maglumatyna görä, ýykylan uçar dört ýylam ulanylmandyr.

Uçar betbagtçylygy Eýran Yslam rewolýusiýasynyň goragçylar korpusynyň "Kuds" güýçleriniň baş serkerdesi Kasem Suleýmaniniň aryny almak üçin Yrakdaky ABŞ güýçleriniň ýerleşýän iki bazasyny nyşana alyp, ballistik raketa atanyndan birnäçe sagat soň boldy.

XS
SM
MD
LG