Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda eden-etdilikli tussag edilen žurnalistlere türmede 'ýowuz daraýarlar'


Serhetsiz žurnalistler guramasynyň Eýran/Owganystan bölüminiň başlygy Reza Moini

Serhetsiz reportýorlar guramasy (RSF) geçen aý Eýranda dört žurnlistiň “eden-etdilikli” tussag edilmegini ýazgardy we 12-nji noýabrda başlanan hökümete garşy prtestlerden bäri saklanan žurnalistleriň sanynyň esli bolnadygyny aýtdy.

Düýbi Parižde ýerleşýän metbugat azatlygy gözegçisi 7-nji ýanwardaky beýanatynda soňky iki hepde bäri Tähranyň Ewin türmesinde saklanylýan tanymal iki zenan žurnaliste “adamkärçiliksiz we kemsidiji” çemeleşilmegini hem ýazgardy.

RSF žurnalistleriň tussag edilmeginiň we olara ýowuz çemeleşeilmeginiň, noýabryň ortasynda ýangyç bahalarynyň asmana galmagy zerarly turan protestlerden bäri, žurnalistleri ýanamagyň güýçlendirilmeginiň “eýran häkimiýetleri tarapyndan görlen köp çäräniň diňe käbir mysallarydygyny” aýtdy.

Serhetsiz žurnalistler guramasynyň Eýran/Owganystan bölüminiň başlygy Reza Moini BMG-niň Eýrandaky adam hukluklary hasabatçysy Jawad Rehmanyň bu ýagdaýda “gyssagly gatyşmagyna” çagyrdy.

“Wyždan bendilerine, şol sanda žurnalistlere we raýat žurnalistlerine adamkärçiliksiz we kemsidiji ýagdaýda çemeleşmek Adam hukuklary boýunça ählumumy jarnamanyň we Raýat we syýasy hukuklar konwensiýasynyň gödek bozulmagy bolup durýar, Eýran bolsa bu dokumantlere gol çekipdi” diýip Moini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG