Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan, Putin “TürkAkymy” geçirijisini açýar, regional krizisi maslahatlaşýar


Türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan rus kärdeşi Wladimir Putin bilen. Arhiw suraty

Türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan rus gazyny Türkiýä we Ýewropa aşyrjak täze gaz geçirijisini işe girizmek üçin rus kärdeşi Wladimir Putin bilen Stambulda duşuşýar.

Şeýle-de Erdogan bilen Putiniň Siriýa, Liwiýa barada maslahat etmegine garaşylýar. Bu iki ýurt ol ýurtlarda gapma-garşy taraplara goldaw berýär. Mundan başga, olar ABŞ-nyň Eýranyň ýokary derejeli serkerdesini öldürmegi netijesinden ýokarlanan regional dartgynlyklar, Yrakdaky we Eýrandaky ýagdaý hakynda pikir alşar.

Umumy bahasy 8 mlrd dollara golaý bolan “TürkAkymy” geçirijisiniň gurluşygy bäş ýyl wagt aldy.

Bu geçiriji ýylda 31.5 mlrd kub metr rus gazyny Türkiýäniň günbatar welaýatlaryna getirer, ol gazyň ýarysy Balkanlara we Merkezi Ýewropa, şol sanda Bolgariýa, Serbiýa we Wengriýa iberiler.

Bu Orsýetiň Ukrainanyň üstünden gaz geçirmegi bes etmek ýa azaltmak baradaky uzak wagtlyk maksadynyň,“Demirgazyk akym 1” we “Demirgazyk akym 2” ýaly alternatiw taslamalaryň bir bölegi bolup durýar.

Bu iki geçiriji suw astyndan Germaniýa barmaly, emma ABŞ sanksiýalary zerarly “Demirgazyk akym 2” gurlup gutarylmagynyň öň ýanynda gijikdirildi.

Geçen ýyl Ýewropa 200 mlrd kub metre golaý gaz iberen Orsýet Balkanlary we Türkiýäni gury ýer, Ukraina, Moldowa, Rumyniýa topraklary arkaly üpjün edýärdi.Geljekde bu gaz “TürkAkymy” arkaly, Gara deňiz astyndan, 930 km ýol geçip, alyjylaryna gowşar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG