Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanyň merhum prezidentiniň uly gyzy Gülnara Kerimowanyň täze sud seljerişligi başlandy


Gülnara Kerimowa. Arhiw suraty
Gülnara Kerimowa. Arhiw suraty

Paýtagt Daşkentde Özbegistanyň merhum prezidenti Yslam Kerimowyň uly gyzy Gülnara Kerimowanyň täze sud seljerişligi başlandy, ol geçen ýylyň martyndan bäri tussagda otyr.

Özbegistanyň Ýokary sudy telegramda beýanat çap edip, “Kerimowanyň we beýlekileriň sudunyň 8-nji ýanwarda başlanandygyny” aýtdy.

Özbegistanyň Baş prokuraturasynyň edarasy awgustda Kerimowanyň bikanun döwlet eýeçiligindäki sement zawodlarynyň ikisiniň aksiýalaryny satyn alandygyny we soňra olary daşary ýurtly biznesmenlere satandygyny aýtdy.

47 ýaşyndaky Gülnara martda 2015-nji ýylda ogurlyk we gorkuzyp pul almak üçin berlen 5 ýyl öý tussaglygynyň şertlerini bozandygy sebäpli tussag edildi.

Özbek prokurorlary özleriniň Kerimowanyň daşary ýurtda saklanylýan 1.5 mlrd dollardan gowrak serişdesini yzyna getirtmekçi bolýandyklaryny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG