Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW gazak häkimiýetlerini hytaýly gaçybatalga soraýjylary “nädürs” jogapkärçilige çekmekde aýyplaýar


HRW-nyň Ýewropa we Merkezi Aziýa barlagçysy Laura Mills
HRW-nyň Ýewropa we Merkezi Aziýa barlagçysy Laura Mills

Adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch” (HRW) guramasy Gazagystany ozalky sowet respublikasyndan gaçybatalga soramak üçin Hytaý serhedinden geçen iki sany etniki gazagy “nädürs” sud jogapkärçiligine çakmekde aýyplady.

HRW 9-njy ýanwarda çap eden beýanatynda gazak häkimiýetlerini Hytaýyň Sinjiaň sebitinde çekdirilen sütemden gaçan Kaster Musakhanuly bilen Murager Alimulyny zor bilen yzyna ibermezlige çagyrdy.

Hökümet serhetden bikanun geçmek aýyplamalaryny derhal bes etmeli, sud seljerişini togtatmaly hem-de bu erkekleri gaçybatalga almak baradaky talaplaryna seredilýän wagtynda yzyna ibermejekdigini kepillendirmeli” diýip, HRW-nyň Ýewropa we Merkezi Aziýa barlagçysy Laura Mills aýtdy.

Gazagystan, geçmişdäkiden tapawutlylykda, ýurduň öz halkara kanuny borçlaryny ýerine ýetirýän ýurt bolandygyny, bosgun hukuklaryny hormatlaýandygyny, gynalmak ähtimallygy bolan adamlary yzyna ibermeýändigini görkezmek mümkinçiligini ulanyp biler” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

30 ýaşyndaky Musakhanuly we 25 ýaşyndakyAlimuly kazak-hytaý serhedinden oktýabrda geçdi.

Olar hytaý bilen araçägiň golaýynda ýerleşýänZaisan şäherinde sud edilýär. Olaryň aklawçylary, eger yzlaryna iberilse, öz müşderileriniň “gýatdan terbileýiş” lagerlerinde ýerleşdirijegini we gynaljagyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG