Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan täjik serhedindäki hadysadan soň hüşhgärligi ýokarlandyrýar


Kok-Taş obasy
Kok-Taş obasy

Gije bolan atyşyk hadysasyndan soň, Gyrgyzystanyň premýer-ministri Mukhammedkalyi Abylgaziew Täjigistan bilen aradaky serhediň boýunda howpsuzlyk çärelerini pugtalandyrmagy buýurdy.

Gyrgyz Serhet goragy gullugy 10-njy ýanwarda beýanat çap edip, serhediň täjik tarapyndan ok atylandygyny aýtdy. Regional häkimiýetler bu çaknyşygyň bolan ýeriniň golaýyndaky Damkha obasyndan 254 gyrgyzy, şol sanda 139 çagany başga ýere göçürendiklerini aýtdylar.

Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligi, adam heläkçiligi barada habar berilmedik hadysa sebäpli, täjik ilçisini çagyrandygyny aýtdy.

Gyrgyz-täjik serhediniň bu böleginde, Batken sebitiniň günortasynda ozalam şeýle çaknyşyklar boldy. Geçen ýylda bu hili çaknyşyklaryň azyndan 10 sanysy ýüze çykdy.

Täjik Serhet goragy gullugy 10-njy ýanwardaky çaknyşyga Gyrgyzystanyň Kok-Taş obasynyň ýaşaýjylarynyň meçew berendigini aýdyp, gyrgyz tarapyny günäledi.

XS
SM
MD
LG