Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tramp ‘batyrgaý’ eýran protestçilerini öwýär, Tährana “dünýäniň seredýändigini’ duýdurýar


Amir Kabir Uniwersitetiniň daşyndaky protestçiler

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp eýranly “batyr” protestçilere goldawyny bildirdi we, Eýran ukrain uçaryny ýalňyşlykda urup ýykandygyny boýun alandan soň, demonstrasiýaçylar gaharlaryny bildirmek üçin Tähranyň köçelerine çykanda, hökümete “dünýäniň syn edýändigini” duýdurdy.

“Eýranyň batyr, uzak wagt ejir çekýän halky: Men öz prezidentligimiň başlanan wagtyndan bäri siz bilen bile durun we meniň adminstasiýam siz bilen bile durmagyny dowam etdirer. Biz siziň protestleriňizi ýakyndan synlaýarys we siziň batyrgaýlygyňyzdan ruhlandyk” diýip, ol 11-nji ýanwarda twitterde hem iňlis, hem pars dillerinde ýazdy.

Ol sözüniň üstüni ýetirip, Tähranyň “adam hukuklary toparlarynyň gözegçilik etmeklerine we ýurduň içinden eýran halkynyň bildirýän protestleri hakyndaky faktlary habar bermeklerine rugsat bemeldigini” nygtady.

“Ol ýerde parahat protestçileriň ýene bir gyrgynçylygy ýa-da internet petiklenmesi bolup bilmez, dünýä syn edýär” diýip, amerikan prezidenti dekabr aýynda hökümete garşy guralan protestleriň güýç bilen basylyp ýatyrylmagyny nazara alyp aýtdy.

Ozal habar berlişi ýaly, Eýranda geçen ýylyň aýagynda ýangyç bahalarynyň birden gaty gymmatladylmagyndan soň gurnalan protestler mahalynda 300-den gowrak adam öldürildi we internet petiklendi.

Trampyň bu sözleri Tähran uniwersitetiniň daşynda we paýtagtyň beýleki ýerlerinde ýüzlerçe protestçiniň toplanyp, adalata çagyrmaklarynyň we hökümet ýolbaşçylarynyň işden çekilmegini talap etmekleriniň yz ýanyndan aýdyldy.

“Işden çekilmek ýeterlik däl” diýip, protestçiler Amir Kabir Uniwersitetiniň daşyndaky ýygnanyşykda gygyrdylar we 8-nji ýanwarda ukrain uçarynyň urlup ýykylmagynda we 176 adamyň öldürilmeginde jogapkär adamlaryň sud edilmegini talap etdiler.

Eýran ýolbaşçylary başda birnäçe gün üzül-kesil ret edip, 11-nji ýanwarda bu uçary öz harbylarynyň niýet etmezden, adam ýalňyşlygy esasynda urup ýykandygyny boýun aldylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG