Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda ABŞ-nyň iki esgeri öldürildi


Owganystandaky ABŞ esgerleri
Owganystandaky ABŞ esgerleri

Goşun awtoulagynyň ýol ýakasyndaky bombanyň üstünden barmagy netijesinde Owganystanda ABŞ-nyň iki esgeri öldürildi we iki esgeri ýaralandy diýip, NATO-nyň metbugat edarasynyň beýanatynda aýdylýar.

11-nji ýanwardaky hüjümiň jogapkärçiligini, onuň günortadaky Kandahar welaýatynda, ABŞ we Ruminiýa goşunlarynyň ýerleşdirilen ýerinde gurnalandygyny aýdyp, “Talyban” öz üstüne aldy. NATO bu hadysanyň Kandaharda bolandygyny tassyk etdi.

ABŞ esgerleri NATO-nyň Aýgytly goldaw missiýasynyň çäginde guralýan operasiýalara gatnaşýardylar. Olar 2020-nji ýylda Owganystanda öldürilen ilkinji ABŞ harbylary boldy.

Geçen ýyl bu ýurtda ABŞ-nyň 20 harby gullukçysy söweş bilen bagly hadysalarda wepat boldy.

XS
SM
MD
LG