Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Abhaziýadaky syýasy krizis dördünji gününe girdi, protetçiler prezident binasynda


Protestçiler Abhaziýanyň lideriniň edara jaýyna zabt edýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:54 0:00

Protestçiler Abhaziýanyň lideriniň edara jaýyna zabt edýär

Regional lider Raul Hajimbanyň işden çekilmek çagyryşlaryna boýun bolmazlygy bilen, ýüzlerçe protestçi dördünji gün Abhaziýanyň paýtagtyndaky prezident adminstrasiýasynyň binasynda galdy.

Gürjüstanyň bölüniji sebitindäki krizis 9-njy ýanwarda, demonstrasiýaçylaryň Hajimbanyň adminstrasiýasynyň ýerleşýän binasyna zabt etmegi bilen döredi. Protestçiler onuň sentýabrdaky saýlaw ýeňşiniň galplyk esasynda gazanylandygyny aýdýarlar.

Regionyň kanun çykaryjy guramasy şondan soň Hajimbanyň işden çekilmegine çagyrdy.

Abhaziýanyň Ýokary sudy bolsa, Alhas Kwitsiniýanyň (Alkhas Kvitsinia) şikaýatyndan soň, 10-njy ýanwarda sentýabrda geçirilen saýlawlaryň netijeleri boýunça ozal çykarylan sud kararyny ýatyryp, teze ses berişlik senesiniň bellenmegini buýurdy.

Hajimba we onuň tarapdarlary suduň karary bilen ylalaşmaýarlar we onuň üstünden şikaýat etjekdiklerini aýdýarlar diýip, rus habar gullugy TASS habar berdi.

Rus resmileriniň ýokary derejeli delegasiýasy, şol sanda Orsýetiň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, bu dawany çözmek araçylyk etmek üçin Suhuma barýar.

Gara deňiz regiony 2008-nji ýylda Gürjüstan bilen Orsýetiň arasynda turan bäş günlük uruşdan bäri Gürjüstandan de-fakto garaşsyz boldy.

Moskwa Abhaziýanyň we Gürjüstanyň ýene bir sebitini, Günorta Osetiýany garaşsyz döwletler hökmünde ykrar etdi we ol iki sebitde häzir rus goşunlary ýerleşdirilen.

Gürjüstan we halkara jemgyýetçiliginiň köpüsi bu sebitleri basylyp alnan territoriýalar hasaplaýar.

XS
SM
MD
LG