Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranly studentler tapgyr ikinji gün protest bildirýärler


Eýranly studentler demonstrasiýa çykdy.

Eýranly studentler, Eýranyň ukrain uçaryny “adam ýalňyşy” esasynda urup ýykandygyny resmi ýagdaýda tassyklandan soň möwjeýän gahar-gazaplaryň çäginde, birnäçe uniwersitetiň daşynda tapgyr ikinji gün protest bildirýärler

12-nji ýanwarda sosial mediada paýlaşylan wideolardan görnüşine görä, protestçiler Tährandaky Beheşti uniwersitetiniň daşynda ýygnanyp, “Studentler hüşgär we olar şol Aliden doýgun” diýip, ýokary lider Ali Hameneýini nazarda tutup gygyrdylar.

Täze protestler Eýranyň harbylary Ukrainanyň Halkara howa ýollarynyň ýolagçy uçaryny ýalňyşlykda, Yslamçy rewolýusiýa goragçylary korpusynyň adamlary tarapyndan atylan iki raketa bilen urandyklaryny tassyk edenlerinden bir gün soň gurnaldy.

Uçar heläkçiligi 8-nji ýanwarda, Eýran Yrakdaky ABŞ bazalaryna raketa atanyndan birnäçe sagat soňra boldy.

Demonstrasiýaçylary jogapkär adamlaryň sud edilmegine çagyrdylar.

Başga bir wideoda Isfahan şäherindäki Sanati uniwersitetiniň daşynda toplanan onlarça student görkezilýär, olar YRGK-ny aýratyn tankyt edýärler.

Aýdylmagyna görä, 12-nji ýanwar güni giçlik ýurt boýunça has köp protestiň gurnalmagyna garaşylýar.

Eýran liderleri uçaryň raketa bilen urlup ýykylan bolmak ähtimallygy barada aýdylanlary 11-nji ýanwara çenli, birnäçe günläp üzül-kesil inkär etdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG