Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň demirgazygynda bomba partlamasynda iki çaga öldi


Owganystanyň kartasy
Owganystanyň kartasy

Owganystanyň demirgazygyndaky Mazar-e-Şarif şäherinde iki bombanyň partlamagy netijesinde iki çaga öldi, başga-da azyndan sekiz adam ýaralandy.

Balh welaýatynyň polisiýa başlygynyň metbugat wekiliniň sözlerine görä, partlamalar 14-nji ýanwarda welaýatyň paýtagtyna barýan ýoluň ugrunda ýüze çykypdyr.

Partlamada ölen çagalar 14 we 10 ýaşyndady. Ýaralananlaryň arasynda parahat ilatdan adamlar, şeýle-de owgan howpsuzlyk güýçleriniň wekilleri bar.

Hüjümiň jogapkärçiligini bada-bat hiç kim öz üstüne almady. Emma, soňky hepdeleriň dowamynda “Talyban” Owganystanyň demirgazyk sebitlerinde, şol sanda Balh welaýatynda hem ýygy-ýygydan hüjümleri amala aşyryp başlady.

XS
SM
MD
LG