Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trudeau dartgynlylyklar bolmadyk bolsady, uçar pidalarynyň diri boljakdygyny aýtdy


Kanadanyň premýer-ministri Justin Trudeau
Kanadanyň premýer-ministri Justin Trudeau

Kanadanyň premýer-ministri Justin Trudeau eger-de eýran sebitinde ýagdaýlar dartgynly bolmadyk bolsady, onda urlup ýykylan PS752 uçarynyň bortundaky kanadalylaryň diri boljakdygyny aýtdy.

“Eger-de dartgynlylyklar bolmadyk bolsady, eger-de sebitdäki ýagdaýlar ýitileşmedik bolsady, şol kanadalylar häzir öýlerinde maşgalalary bilen bolardylar” diýip, Trudeau 13-nji ýanwarda Kanadanyň Global News TV kanalyna beren interwýusynda aýtdy.

Eýranyň harbylary 8-nji ýanwarda Ukrainanyň uçaryny urup düşürendigini boýun aldy. Uçaryň bortundaky ähli 176 adam, şol sanda 57 kanadaly öldi.

Bu howa betbagtçylygy Eýranyň ABŞ goşunlarynyň Yrakda ýerleşýän bazalaryny raketa zarbasyna tutmagynyň yzýanyna gabat geldi.

Tähran bu hüjümi 3-nji ýanwarda Bagdadda ABŞ zarbasy esasynda öldürilen general-maýor Kasem Suleýmaniniň aryny almak barada beren wadalaryndan soň etdi.

XS
SM
MD
LG