Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hasabat: Rus hakerleri impiçment derňewi bilen ilteşikli ukrain energiýa firmasyny nyşana aldy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Russiýanyň harby aňtaw gullugynyň, ýagny GRU-nyň hakerleriniň ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň impiçment prosessi bilen ilteşikli ukrain energiýa firmasyny nyşana alandyklary aýdylýar.

Düýbi Kaliforniýada ýerleşýän “Area 1 Security” kompaniýasynyň kiberhowpsuzlyk boýunça ekspertleriniň 13-nji ýanwarda ýaýradan hasabatynda bellenmegine görä, hakerler Burisma Holdings firmasynyň işgärleriniň emeýl maglumatlaryny ele geçiripdirler.

Şol bir wagtda, haýsy maglumatlaryň ogurlanyp-ogurlanmandygy, şeýle-de hakerleriň anyk maksady aýdyň däl.

2020-nji ýylyň prezident saýlawlarynda Donald Trampyň esasy bäsdeşleriniň biri bolmaly demokrat kandidat Joe Bideniň ogly – Hunter Biden 2014-nji ýyldan geçen ýyla çenli Burisma Holdings firmasynyň dolandyryjylar geňeşiniň agzasy bolupdy.

Tramp ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiden, 25-nji iýulda bolan telefon gürrüňinde, Bidenleriň energiýa firmasy bilen ilteşikli bikanun iş edendigi aýdylýan aýyplamalara “seretmegi” sorady.

Bu gepleşik barada habar beren duýduryjynyň şikaýatynyň netijesinde sentýabrda impiçment derňewi başladyldy.

Şondan bäri, ABŞ-nyň Wekiller Öýi Trampa wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmak we Kongresi böwetlemek aýyplamalary bildirdi.

XS
SM
MD
LG