Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Haftaryň liwiýa parahatçylyk ylalaşygyna gol goýmandygyny aýdýar


Liwiýanyň milli goşunynyň kommandiri Khalifa Haftar (çepde) we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow. Moskwa. 13-nji ýanwar, 2020 ý.
Liwiýanyň milli goşunynyň kommandiri Khalifa Haftar (çepde) we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow. Moskwa. 13-nji ýanwar, 2020 ý.

Liwiýanyň milli goşuny diýilýäne ýolbaşçylyk edýän general Khalifa Haftar bu Demirgazyk Afrika döwletinde ençeme aý bäri dowam edýän ok atyşyklary bes etmek baradaky ylalaşyga gol goýman, Moswany terk etdi. Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrligi 14-nji ýanwarda maglumat berdi.

Mundan bir gün öň, Haftar şeýle-de Liwiýanyň BMG tarapyndan ykrar edilen Milli ylalaşyk hökümetiniň ýolbaşçysy Faýez al-Sarraj rus paýtagtynda parahatçylyk gepleşiklerini geçiripdiler.

Iki bäsdeş lider ýüzbe-ýüz duşuşmady. Emma olaryň delegasiýalary Russiýanyň we Türkiýäniň ýokary derejeli diplomatlary we harbylary bilen ýapyk gapylaryň aňyrsynda 7 sagada golaý gepleşikleri geçirdiler.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow we onuň türkiýeli kärdeşi Mewlut Çawuşoglu Sarrajyň parahatçylyk ylalaşygyna gol goýandygyny, emma Haftaryň ýene goşmaça wagt sorandygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG