Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rohani ukrain uçarynyň urulmagyny derňejek ýörite sudy esaslandyrmaga çagyrýar


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani, ýurtdaky dowam edýän ýiti protestleriň fonunda, ukrain uçarynyň urlup ýykylmagyny derňejek ýörite suduň esaslandyrylmagyna çagyrdy.

Eýranyň harbylary 8-nji ýanwarda Ukrainanyň uçaryny urup düşürendigini boýun aldylar. Uçaryň bortundaky ähli 176 adam öldi. Olaryň aglabasy eýran we kanada raýatlarydy.

Bu “bagyşlanyp bolmajak ýalňyşa” jogapkärleriň ählisi “jezalandyrylmalydyr” diýip, Rohani 14-nji ýanwarda telewideniýede eden çykyşynda aýtdy.

Bu aralykda, Eýranda ukrain howaýollaryna degişli Boeing 737-800 uçarynyň urulmagy gahar-gazaby döretdi.

Eýran uçary “niýet etmezden” urandygyny 11-nji ýanwarda boýun alandan soňra, Tähranda we ýurduň beýleki şäherlerinde protestler geçirildi.

Bu howa betbagtçylygy Eýranyň ABŞ goşunlarynyň Yrakda ýerleşýän bazalaryny raketa zarbasyna tutmagynyň yzýanyna gabat geldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG