Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýanýoldaşynyň azat edilmegini soraýan gazak aýlyna protestiň 'bikanun' diýildi


Farida Kabylbek 14-nji ýanwarda konsullygyň öňünde öz boýundan asylan ullakan plakat bilen piket geçirdi.

Almatydaky hytaý konsullygynyň öňüne demonstrasiýa çykan aýala onuň protestiniň bikanundygy barada duýduryş berildi. Ol öz adamsynyň Sinjiaňda bikanun öý tussagy edilendigini aýdyp, onuň azat edilmegini talap edýär.

Farida Kabylbek 14-nji ýanwarda konsullygyň öňünde öz boýundan asylan ullakan plakat bilen piket geçirdi. Onuň plakatynda adamsynyň suraty we onuň başyna düşen gowga barada maglumat ýerleşdirilen.

Almatynyň şäher adminstrasiýanyň wekili Rita Ermanowa bu ýere gelip,Kabylbege bu protestiň bikanundygyny, sebäbi piket üçin şäher häkimiýetlerinden rugsat alynmandygyny aýtdy.

Kabylbegiň aýtmagyna görä, onuň adamsyRakyžan Zeinollauly, Sinjianňda doglan we 2004-nji ýylda gazak raýatlygyny alan, şol ýyl Sinjaňa syýahata baranda hytaý häkimiýetleri tarpyndantussag dilip, içalyçylyk aýyplamalary esasynda 13 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Kabylbek öz adamsynyň türme möhletini doly tamamlandygyny, emma hytaý häkimiýetleriniň oňa syýasy sebäpler esasynda goşmaça 18 aý tussaglyk möhletini berendiklerini aýdýar.

Onuň sözlerine görä, adamsyz häzir Sinjiaňda öý tussaglygy astynda ýerleşýär.Kabylbek gazak we hytaý häkimiýetlerinden adamsynyň Gazagystana gaýdyp gelmegine kömek etmeklerini isleýär. Hytaý konsullygyndan hiç kim çykmady we howpsuzlyk ofiserleri onuň şikaýatnamasyny ýazmaça tabşyrmagyny maslahat berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG