Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB fon der Leýeniň “Gök ylalaşygy” üçin $1.1 trillion serişde goýbermegi planlaşdyrýar


u Ýewropa Komissiýasynyň täze prezidenti Ursula fon der Leýen (Ursula von der Leyen)
u Ýewropa Komissiýasynyň täze prezidenti Ursula fon der Leýen (Ursula von der Leyen)

Ýewropa Bileleşigi gelýän 10 ýylda 2050-nji ýyla çenli uglerod bitaraplygyny gazanmak maksadyna goldaw bermek üçin 1 trilliona golaý ýewro (1,11 trillion dollar) serişde goýbermek planyny yglan etdi.

14-nji ýanwarda başlanan Ýewropa maýadarlyk plany ÝB-niň býujetinden we hususy pudak arkaly maliýeleşdiriler. Bu Ýewropa Komissiýasynyň täze prezidenti Ursula fon der Leýeniň (Ursula von der Leyen) ýolbaşçylygynda geçen aý başlanan “Gök ylalaşyk” başlangyjynyň bir bölegi bolup durýar.

Fon der Leýen öz mandatynyň, wezipe ygtyýarlyklarynyň baş wezipesini klimat özgermelerine garşy göreş diýip kesgitledi.

Bileleşigiň ýerine ýetiriji guramasy bolan Komissiýa bu sermaýanyň ÝB-niň býujetinden alynjakdygyny aýdýar.

Milli hökümetler 100 milliard ýewro goşant ederler, 300 milliard ýewro bolsa hususy pudakdan geler.

Ýene bir 7.5 milliard ýewro ÝB-niň 2021-2027-nji ýyllardaky býujetinden aýrylyp, ýene bir 100 milliard ýewro maýany döretjek has giň mehanizmleriň özenini düzer diýip, habarda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG