Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Bitewi Orsýetiň” agzalarynyň arasyndan Maltanyň “altyn pasportyny” alanlar çykdy


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Malta 2018-nji ýylda ýurtda maýa ýatyrmagyň öwezine bu ýurduň raýatlygyny alan adamlaryň sanawyny çap etdi.

RBK bu sanawy öwrenip, daşary ýurt raýatlygyny alanlaryň arasynda Orsýetiň biznes-elitasyna degişli, şeýle-de “Bitewi Orsýet” partiýasyndan bolan häzirki we öňki deputatlaryň onlarçasynyň bolandygyny habar berýär.

Maltanyň “altyn pasportyny” alanlaryň arasynda “Sistema” paýdarlar maliýe korporasiýasynyň paýdary Aleksandr Gorbatskiý, "Şokaladnisa” kompaniýalar toparynyň esasy eýeleriniň biri Aleksandr Kobolow, “Mognoliýa” ulgamynyň esaslandyryjysy we direktorlar geňeşiniň agzasy Leonid Lunew, “Nafta Moskwa” holdinginiň ozalky baş direktory Aleksandr Mosionožka dagy bar.

RBK-niň anyklamagyna görä, “Bitewi Orsýetiň” Kaliningrad bölüminiň syýasyň geňeşiniň agzasy Ýuriý Nahodkin 2018-nji ýylda Maltanyň raýaty bolupdyr, emma ol žurnalistleriň soraglaryna jogap bermekden ýüz öwürdi diýip, Azatlygyň Rus gullugy habar berýär.

2018-nji ýylda Maltanyň raýaty bolan rus raýatlarynyň ýene biri Döwlet dumasynyň “Bitewi Orsýetden” saýlanan ozalky deputaty Igor Lisinenko. OL RBK bilen söhbetdeşlikde, öz çaý biznesini globallaşdyrmak üçin, Maltanyň raýatlygyny alandygyny tassyk etdi.

Malta 2013-nji ýyldan bäri maýa ýatyran adamlara pasport berýär. Munuň üçin ýurduň maýa fonduna 650 müň ýewro maýa ýatyrmaly, şeýle-de gozganmaýan emläk satyn alyp ýa kärendesine alyp, ýurduň ykdysadyýetine 150 müň ýewro goşant etmeli.

XS
SM
MD
LG