Hökümetden aýry üç gurama Azerbaýjany derňewçi žurnalist Hatyja Yslamyýylowa (Khadija Ismayilova) garşy girizilen syýahat gadaganlygyny ýatyrmaga we onuň azeri deputaty tarapyndan masgaralamakda aýyplanyp sud edilýän žurnalistiň sudunda görkezme bermek üçin Britaniýa goýberilmegine çagyrdy.
Ysmaýylowa 2015-nji ýylda ýedi ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm edildi, adam hukuklaryny goraýjy guramalar onuň toslama aýyplamalar esasynda türmä basylandygyny aýtdylar. Ol 2016-njy ýylda şertli azat edildi, emma şindi hem syýahat gadaganlygynda saklanylýar.
Senzura Indeksi, Serhetsiz reportýorlar we Halkara aýdyňlyk guramalary aklawçylaryň Ysmaýylowanyň Londona syýahat etmegi üçin rugsat almaga çalyşýandyklaryny aýtdylar. Bu ýerde indiki hepde rumyn žurnalisti Raul Radua garşy sud diňlenişigi başlanýar.
Halkara Aýdyňlyk guramasynyň ýerine ýetiriji başlygy Daniel Bruce Ysmaýylowanyň Raduyň sudunda görkezme bermeginiň öňüni almak “hakykatyň üstüni açmaga het edenleriň ýanalmagyna we dymdyrylmagyna edilýän açyk synanyşyk” diýdi.
Radu Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa maglumatlary guramasy proýektiniň egindeş esaslandyrjysy we ýerine ýetiriji direktory.
Ol Azerbaýjanyň parlament agzasy Cavansir Feyziyev tarapyndan, Azerbaýjanda pul ýuwmak barada çap edilen iki makala bilen baglylykda, masgaralamak aýyplamasynda sud edilýär. Derňew maglumatlary toparynyň Azerbaýjandaky habarçysy Ysmaýylowa bu işde esasy şaýat bolup durýar.