Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rohani Tähranyň urany öňküsinden kän baýlaşdyrýandygyny aýdýar


Prezident Hassan Rohani

Prezident Hassan Rohani, Tähranyň öz borçlaryndan ýuwaş-ýuwaş yza çekilmegi bilen, Eýranyň indi 2015-nji ýylda dünýä döwletleri bilen baglaşan ýadro ylalaşygy döwründäkiden has kän uran baýlaşdyrýandygyny aýdýar.

“Eýrana edilýän basyş güýçlendirildi, emma biz progres gazanmagy dowam etdirýäris” diýip, Rohani 16-njy ýanwarda TW-de berlen sözünde aýtdy. Bu ýurt özüniň baýlaşdyrylan uran öndürmek babatdaky ähli çäklendirmesini aýyrdy. Netijede ol indi reaktor ýangyjyny, şeýle-de ýadro ýaraglaryny ýasamak üçinem baýlaşdyrylan uran öndürip biler.

Prezident Donald Tramp 2018-nji ýylda ýadro ylalaşygyndan birtaraply çekilenden soň, Birleşen Ştatlaryň sanksiýalary dikeltmegine garşy jogap edip, Eýran özüniň rugsat berlen agyr suw ätiýaçlyklary, uran möçberi, uran baýlaşdyrmak üçin işledip biljek sentrifugalarynyň görnüşleri we sany, uranyň arassalygy boýunça girizilen çäklendirmeleriň ählisini bozdy.

Tramp Tähranyň täze ylalaşyk üçin gepleşmegini, bu ylalaşyk astynda öz ýadro programmasyny ymykly jylawlamagyny, şeýle-de Tähranyň ballistik raketa programmasyny çäklendirmegini isleýär.

Ýadro ylalaşygynyň beýleki galan agzalary – Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa, Hytaý we Orsýet bu şertnamany bozman saklamak wadasyny berdiler.

Emma ýewropaly hyzmatdaşlar Tährana, ABŞ sanksiýalaryna garamazdan, daşary ýurtda öz çig nebitini satmak mümkinçiligini berip bilmediler. Bu ýagdaý Eýranyň pulunyň hümmetiniň gaçmagyna, inflýasiýa derejesiniň kesgin ýokary galmagyna alyp geldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG