Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň premýer-ministri Alekseý Gonçaruk işden çekilmek baradaky arzasyny ýazdy


Ukrainanyň premýer-ministri Alekseý Gonçaruk
Ukrainanyň premýer-ministri Alekseý Gonçaruk

Ukrainanyň premýer-ministri Alekseý Gonçaruk işden çekilmek baradaky arzasyny ýazdy. Bu onuň eden gürrüňleriniň ýazgysynyň internetde anonim çap edilmeginiň iki gün soňundan boldy. Bu gürrüňde ol hamala Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiniň ykdysadyýetden baş çykarmaýandygyny aýdýar.

"Men wezipä prezidentiň programmasyny ýerine ýetirmek üçin geldim” diýip, Gonçaruk öz feýsbuk sahypasynda ýazdy.

“Ol meniň üçin açyklygyň we düzüwligiň nusgasy bolup durýar. Emma, biziň prezidente bolan hormatymyza we ynamymyza islendik şübhäni aradan aýyrmak üçin, men işden çekilmek barada arza ýazyp, parlamente hödürlemek hukugy bilen, ony prezidente geçirdim” diýip, ol aýtdy.

Gonçarugyň sözlerine görä, çap edilen ses ýazgylary hökümet maslahatynyň ýazgylarynyň seplenen bölekleri bolup durýar. Gonçaruk olaryň çap edilmeginde ýurtdaky reformalaryň garşydaşlaryny günäledi.

Ukrainanyň prezident edarasy Gonçarugyň işden çekilmek baradaky arzasyny alandygyny tassyklady. Prezident Zelenskiý häzir bu arza seredýär diýip, habarda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG