Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ, “Talyban” Katarda gepleşikleri geçirýär


ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad
ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad

Katara ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzadyň ýolbaşçylygyndaky Birleşen Ştatlaryň topary “Talybanyň” wekilleri bilen tertip ikinji gün gepleşikleri geçirdi.

“Gepleşik toparlarynyň ikisi-de hem düýn, hem-de şu gün netijeli gepleşikleri geçirdiler. Gepleşikler ýene-de birnäçe gün dowam eder. Biz olaryň jemleri boýunça maglumatlary ýetireris” diýip, “Talyban” toparynyň metbugat wekili Suhail Şahin 17-nji ýanwarda Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy.

Şahin gepleşikleriň “peýdaly” bolandygyny aýdyp, taraplaryň bilelikdäki ylalaşyga gol goýmak meselesini hem maslahat edýändiklerini belledi. Ol başga goşmaça maglumat bermedi.

Munuň bilen baglylykda, ABŞ resmilerinden häzirlikçe hiç hili beýanat bolmady.

Bu aralykda, 18-nji ýanwarda Pakistanyň gazetleriniň birinde jeňçi toparynyň ABŞ wekilleri bilen ýanwaryň aýagyna çenli ylalaşyga gelmegine garaşýandygy baradaky Şahiniň sözleri çap edildi.

XS
SM
MD
LG