Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oppozisiýadaky syýasatçy moskwalylary Putiniň konstitusiýa düzedişleri teklibine garşy proteste çagyrýar


 Ýulia Galýamina
Ýulia Galýamina

Moskwa şäher dumasynyň liberal deputaty Ýulia Galýamina 19-njy ýanwarda moskwalylary prezident Wladimir Putiniň teklip eden giň konstitusiýa reformalaryna garşy ýygnanyşga çagyrdy.

Galýamina 17-nji ýanwarda VK sosial-media saýtynda pikirini aýdyp, Putiniň 15-nji ýanwardaky halka ýüzlenmesinde teklip eden üýtgeşmeleriniň “döwlet agdarylyşygyna” barabardygyny öňe sürdi.

Ol jemgyýetçiligi ozal planlaşdyrylan çärä, 2009-njy ýylda öldürilen liberal aklawçy Stanislaw Markelowyň we “Nowaýa gazetanyň” žurnalisti Anastasia Baburowanyň hatyralanmagyna gatnaşmaga çagyrdy.

Şu aralykda Moskwanyň şäher häkiminiň edarasy 17-nji ýanwarda 10 müň adamyň 1-nji fewralda saharow prospektinde konstitusiýa reformalaryna garşy ýygnanyşyk etmegine rugsat berdi. Ýöne bu demonstrasiýany kimiň gurnaýandygy aýdyň bolmady.

Putiniň sözlän sözünde konstitusiýa bir topar üýtgetme girizmek teklip edildi. Synçylar onuň häzirki prezidentlik möhleti 2024-nji ýylda tamam bolandan soň häkimiýet geçirişine taýýarlyk görýändigini aýdýarlar.

Häzirki konstitusiýa onuň yzygider iki möhletden soň üçünji möhlet üçin prezident saýlawlaryna gatnaşmagyna ygtyýar bermeýär.

XS
SM
MD
LG