Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýüzlerçe orsýetli Moskwada öldürilen aklawçyny we žurnalisti ýatlaýar


Aklawçy Stanislaw Markelowyň we žurnalist Anastasia Baburowanyň hatyrasyna Moskwanyň merkezinde goýlan gül çemenleri. 19-njy ýanwar, 2020.

Ýüzlerçe orsýetli Moskwada 2009-njy ýylda gündiziň günortany atylyp öldürilen aklawçynyň we žurnalistiň ölüminiň 11 ýyllygyna gabat ýörişe cykdy.

Ýörişe gatnaşyjylaryň käbiri 34 ýaşyndaky aklawçy Stanislaa Markelowyň we 25 ýaşyndaky student, “Nowaýa gazetanyň” habarçysy Anastasia Baburowanyň portretlerini göterip geldi.

Rus Konstitusiýasynyň nusgalaryny we ýas çemenini göterip gelýän demonstrasiýaçylara gapdaldan polisiýa ofiserleri gözegçilik etdi.

Halkara günä geçiş guramasynyň, “Amnesty Internationalyň” Orsýet boýunça barlagçysy Oleg Kozlovsky twitterde polisiýanyň bir adamy tussag edişini görkezýän şekilleri paýlaşdy, emma ol adamyň ötegçi bolandygyny we köçäni bikanun kesip geçende tutulandygyny aýtdy.

Markelow we Baburowa öldürilmezlerinden öň sag-ganat milletdileriň eden-etdilikleriniň pidalarynyň hukuklaryny goramak bilen meşgullanýardylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG