Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýemende metjidiň golaýyna edilen raketa, dron hüjüminde ýüzden gowrak adam öldi


Ýemeniň daşary işler ministri Mohammed al-Hadrami. Arhiw suraty

Ýemeniň merkezi Mereb welaýtynda esgerleri nyşana alan raketa we dron hüjümi 100-den gowrak adamy öldürdi, onlarça adamy ýaralady diýip, resmiler 19-njy ýanwarda aýtdylar.

Ýemeniň daşary işler ministri Mohammed al-Hadrami agşam namazyndan öň metjidiň golaýyna edilen hüjümi “namart terror akty” diýip atlandyrdy we onuň ähli din we adamkärçilik däplerine, gymmatlyklara garşydygyny aýtdy.

Ýemen goşunynyň sözçüsi Abdu Abdullah Majali bolsa, öldürilenleriň sanynyň azyndan 76 adam bolandygyny aýtdy.

Eýran bilen ýaranlykdaky huti pitneçilerinden görlen hem bolsa, häzirlikçe hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan bolmady.

Ýemeniň halkara derejesinde ykrar edilen we saudlylaryň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa tarapyndan goldanylýan hökümeti huti pitneçileri bilen 2014-nji ýyldan bäri uruş alyp barýar.

Pitneçiler ýurduň demirgazyk-günbatar böleginiň köp ýerini we paýtagty Saanany eline geçirdi. Bu söweşler netijesinde arap dünýäsiniň iň garyp ýurdunda häzire çenli 10 müňden gowrak adam öldürildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG