Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tähran uçar ýykylanda ölen eýranly-kanadalylaryň goşa raýatlygyny ret edýär, gara gutulary bermekden saklanýar


Kanada. Toronto uniwersitetinde Ýranda bolan uçar hadysasynyň pidalaryna raýdaşlyk ýygnanyşygy geçirildi. 13-nji ýanwar, 2020.

Eýran şu aýda urlup ýykylan ukrain uçarynyň bortunda ölen we goşa raýatlygy bolan eýranlylary öz raýaty hasaplaýar diýip, Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Abbas Musawi 20-nji ýanwarda aýtdy.

Yslam rewolýusiýasynyň goragçylary korpusynyň howa-goranyş güýçleri Ukrainanyň Halkara howa ýollarynyň (PS752) uçaryny 8-nji ýanwarda, Tähran aeroportundan asmana galyp, Kiýewe tarap ugur alanda urup ýykdy. Eýran 176 adamyň ölümine getiren hadysanyň ýalňyşlykda edilen iş bolandygyny aýtdy.

Kanada bu uçaryň üstünde özüniň 57 raýatynyň wepat bolandygyny aýtdy. Ol adamlaryň köpüsi Kanadanyň we Eýranyň raýatlary bolup durýardy. Eýran goşa raýatlygy kabul etmeýär.

"Biz Kanada Tähranyň goşa raýatlygy bolan we uçar heläkçiliginde ýogalan adamlary eýran raýatlary diýip hasaplaýandygyny aýtdyk... Eýran olaryň ýasyny tutýar” diýip, Musawi telewideniýede görkezilen çykyşynda aýtdy.

Eýranda ýalňyşlykda urlup ýykylan uçar sebäpli halk protestleriniň başlanmagy bilen, Britaniýanyň Tährandaky ilçisi Rob Makeýr (Macaire) 11-nji ýanwarda üç sagatlap tussaglykda saklandy.

Eýran resmileri uçar heläkçiliginiň pidalarynyň hormatyna guralan şem ýakyşlyga gatnaşan Makeýriň ýygnanyşyga barmagynyň “kanuna sygmaýandygyny” aýtdylar. Britaniýa ilçiniň tussag edilmegini ýazgaryp çykyş etdi.

“Eýran, eger-de olar halkara kanunlaryny bozmasa, ýurtdaky daşary ýurt diplomatlarynyň ählisine hormat goýýar” diýip, Musawi aýtdy.

Eýranyň uçarda ýogalan adamlaryň goşa raýatlygyny ykrar etmeýändigini ýatlatmagy Kanadanyň uçar pidalarynyň maşgalalaryna maddy kömek berýändigini we Eýrandan kompensasiýa garaşýandygyny ýatlatmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Şu aralykda, Eýranyň ýykylan uçaryň gara gutularyny beýleki ýurtlaryň derňewçilerine gowşurmak barada beren wadasyndan hem yza çekilýändigi belli boldy.

Ukraina we ýene dört ýurt, uçarda raýatlary wepat bolan döwletler bu hadysanyň “doly, garaşsyz we açyk ýagdaýda” derňelmegini talap etdiler.

Uçarda ýogalan 11 ukrainalynyň jesetleri Kiýewe getirilen güni, Eýranyň bu hadysany derňeýän baş resmisi Tähranyň uçar ýazgylaryny daşary ýurt derňewçilerine ibermejekdigini aýtdy.

Resmi IRNA habar gullugynyň Eýranyň raýat awiasiýasy häkimiýetiniň hadysa derňewleriniň başlygy Hassan Rezaifere salgylanyp, 19-njy ýanwarda beren maglumatyna görä,Tähranyň bu gutulary häzir başga hiç kime bermek niýeti ýok.

“Ukrainanyň “Boeing” uçarynyň gara gutulary eýranlylaryň elinde we biziň olary başga birlerine tabşyrmak planlarymyz ýok” diýip, IRNA Rezaiferiň sözlerini sitirledi.

AP neşiriniň maglumatyna görä, ol gara gutularyň ýazgylarynyň öwrenilýändigini hem aýdypdyr.

“Tasnim” habar gullugy ozal Rezaifere salgylanyp, gara gutularyň Kiýewe iberilenden soň “fransuz, amerikan we kanadaly ekspertler tarapyndan öwreniljekdigini”, sebäbi eýran hünärmenleriniň gara gutynyň maglumatlaryny okap bilmeýändiklerini habar beripdi.

Emma ol soň Eýranyň bu gutularyň maglumatlaryny şindi hem öwrenýändigini, belki-de soň olaryň Ukraina ýa Fransiýa iberilmeginiň ahmaldygyny, emma häzir bu barada “karar edilmändigini” aýtdy.

Şu aralykda, 19-njy ýanwarda Kanada ýene bir gezek Tährana talap bilen ýüzlenip, gara gutularyň ýa Fransiýa, ýa-da Ukraina haýal etmän gowşurulmagyna çagyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG