Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AÝ/AR: Täjik hökümeti Radio Ozodiniň işini ‘bökdeýär’


Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň (Radio Ozodi) logotibi.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň (Radio Ozodi) logotibi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň prezidenti Jeými Flaý (Jamie Fly) täjik hökümetiniň guramanyň Täjik gullugynyň (Radio Ozodi) bökdençsiz işlemegine şert döretmek baradaky borçnamalaryna sarpa goýmakdan bärden gaýdandygyny aýtdy.

Flaý bu barada 21-nji ýanwarda Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddine ýolan hatynda nygtady.

Mundan öň, ministrlik Täjik gullugynyň dört agzasyna alty aý möhlet bilen akkreditasiýa beripdi.

Bu täjik kanunçylygynyň göz öňünde tutýan bir ýyllyk akreditisiýalaryna çapraz gelýär. Şeýle-de, bu Täjik gullugynyň akreditasiýa edilmedik beýleki ýedi žurnalistiniň we geçen oktýabrda bölekleýin akreditasiýa edilen beýleki ýedi žurnalistiniň ykbalyny aýdyňlaşdyrmaýar.

1-nji noýabrda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň 18 žurnalistiniň we işgäriniň akkreditasiýasy ministrlik tarapyndan yzyna alnypdy ýa-da olaryň möhleti tamamlanypdy.

XS
SM
MD
LG