Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä liderleri Iýerusalimde Auschwitziň hatyrasyna ýygnanýarlar


Iuresalime gelen dünýä liderleri. 22-nji ýanwar, 2020 ý.
Iuresalime gelen dünýä liderleri. 22-nji ýanwar, 2020 ý.

Dünýäniň onlarça döwletiniň liderleri we hökümet baştutanlary Auşwitz, ýagny Oswensim konsentrasiýa lageriniň azat edilmeginiň 75-nji ýyl dönümine gabatlap Iýerusalime ýygnandylar.

Bütindünýä Holokost Forumyna gatnaşmak üçin gelen dünýäniň 40 töweregi ýokary derejeli wekilleriniň arasynda: rus prezidenti Wladimir Putin, fransuz prezidenti Emmanuel Makron, britan şazadasy Çarlz (Charles), ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýk Pense (Mike Pence), şeýle-de Germaniýanyň, Italiýanyň we Awstriýanyň prezidentleri dagy hem bar.

Emma, Polşanyň prezidenti Andrzeý Duda (Andrzej Duda) çäräniň dowamynda rus, fransuz, britan, ABŞ we german wekillerine söz berlip, özüne çykyş etdirilmeýändigine närazylygyny bildirip, çärä gatnaşmakdan ýüz öwürdi.

Ysraýylly guramaçylar çärede Ikinji Jahan urşunyň ýaranlarynyň we Germaniýanyň çykyş etjekdigini aýdypdylar.

Polşa 27-nji ýanwarda ýurduň gündogaryndaky Auşwitz-Birkenau Memorialynda we Muzeýinde özüniň hatyra çäresini geçirer.

Nasistik Germaniýanyň Polşany okkupirlän döwri Auşwitz-Birkenau konsentrasiýa lagerinde aglabasy ýewreýler bolan 1 milliona golaý adam öldürildi. Holokostda alty million ýewreý öldi.

XS
SM
MD
LG