Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bagdatda müňlerçe adam ABŞ-nyň Yrakda öz harbylaryny saklamagyna garşy protest geçirýär


Bagdatda müňlerçe adam ýöriş geçirýär. 24-nji ýanwar, 2020 ý.

24-nji ýanwarda Yragyň paýtagty Bagdadyň aýrybaşga iki sebitinde müňlerçe yrakly ýygnandy. Bu waka ýurduň tanymal şaýy ruhanysynyň Birleşen Ştatlaryň Yrakda öz harbylaryny saklamagyna garşy “million güýçli” protestlere çagyrmagynyň yzýanyna gabat geldi.

Bu çagyryş ruhany Moktada al-Sadr tarapyndan edildi.

Ýörişe gatnaşýanlar Bagdadyň merkezindäki al-Hurriýa meýdanynda we şäheriň esasy uniwersitetiniň golaýynda üýşüp başladylar. Ýörişe gatnaşýanlar hökümete garşy köpçülikleýin protestleriň simwolyna öwrülen Tahrir meýdanyna barmadylar.

Aýallar we erkekler Yragyň baýdaklaryny galgadyp, Siriýadaky we Yrakdaky “Yslam döwleti” toparynyň söweşijilerine garşy harby koalisiýa liderlik edýän Birleşen Ştatlara garşy şygarlary gygyrdylar.

5-nji ýanwarda Yragyň parlamenti daşary ýurt harbylarynyň ýurdy terk etmegine çagyrýan rezolýusiýany kabul etdi. Bu waka 3-nji ýanwarda ABŞ-nyň howa zarbasy netijesinde Eýranyň ýokary derejeli harby komandiri Kasem Süleýmaniniň öldürilmeginiň yzýanyna gabat gelipdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG