Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý wirusy möwjeýär, Fransiýa, Awstraliýa ilkinji 'hassalaryny' ýüze çykardy


Hong-Kong, gorak maskasyny paýlaýan aýal. 24-nji ýanwar, 2020.
Hong-Kong, gorak maskasyny paýlaýan aýal. 24-nji ýanwar, 2020.

Hytaýyň Wuhan koronawirusyndan ölenleriň we onuň ýokuşan adamlarynyň sany kesgin ýokarlanýar we şu aralykda Fransiýa, Awstraliýa ýaly giň ýaýrawly ýurtlar bu täze wirusa ýolugan ilkinji näsaglary barada habar berdiler.

Emele gelen ýagdaý dünýä ýurtlarynyň häkimiýetleriniň bu epidemiýanyň öňüni almak ugrundaky tagallalaryny güýçlendirdi.

Hytaý 25-nji ýanwarda bu wirusdan azyndan 41 adamyň ölendigini, ýurduň 29 welaýatynda azyndan 1287 adamyň bu derde ýolugandygyny habar berdi. Şol bir wagtda, näsaglaryň 237-siniň ýagdaýynyň agyrdygy aýdylýar.

Hubeý welaýatynda 39 adam, Hebeý welaýatynda -1,Heýlongjiang welaýatynda – 1 adam öldi.

Fransiýa bu wirus sebäpli üç adamyň keselländigini habar berdi, olar bu derdiň Ýewropada bilnen ilkinji mysallary boldy. Fransuz resmileri iki näsagyň Parižde, ýene biriniň bolsa günorta-günbatar şäher Bordoda (Bordeaux) hassahana ýerleşdirilendigini aýtdylar.

Birleşen Ştatlar bu wirus bilen bagly iki işi habar berdiler. Olaryň biri günorta-günbatardaky Siýatlda bolsa, beýlekisi Çikagoda 60 ýaşlaryndaky aýal bilen bagly. Olaryň ikisi-de golaýda Hytaýdan dolanyp geldi.

25-nji ýanwar güni irden Awstraliýanyň Wiktoria ştaty wirus ýokuşan ilkinji adamy ýüze çykardy diýip, resmiler aýtdylar. Onuň 50 ýaşlaryndaky hytaýlydygy aýdylýar. Ol Hytaýdan 19-njy ýanwarda gelipdir.

XS
SM
MD
LG