Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkiýede ýer yrandy, azyndan 21 adam öldi, ýüzlerçe adam ýaralandy


Içeri işler ministri Suleýman Soýlu halas edijiler toparlarynyň ýykylan binalaryň harabalarynyň aşagynda galan 30 adamy gözleýändiklerini aýtdy.

Türkiýäniň gündogaryndaky Elazig welaýatynda güýçli ýer yranmasy bolup, jaýlaryň ýykylmagyna we azyndan 21 adamyň ölmegine sebäp boldy, müňden gowrak adam bolsa ýaralandy diýip, resmiler aýtdylar.

Agşam sagat 9-yň öňüsyrasynda duýlan ýer sarsgynyň güýji Rihter ölçegi boýunça 6.8 bolup, onuň ojagy Siwriçe şäheriniň golaýynda diýip, hökümete degişli adatdan daşary ýagdaýlar agentligi 24-nji ýanwarda aýtdy. Şondan soň hem birnäçe sarsgyn boldy.

Siwriçe paýtagt Ankaradan 750 km çemesi uzaklykda ýerleşýär.

Agentlik Elazig welaýatynda 17 adamyň ölendigini, ýene dört adamyň goňşulykdaky Malatýa şäherinde wepat bolandygyny, sebitde 920 çemesi adamyň ýaralanyp, hassahanalara ýerleşdirilendigini aýtdy.

Içeri işler ministri Suleýman Soýlu häkimiýetleriň bu sebite halas edijiler toparlaryny iberendigini, olaryň ýykylan binalaryň harabalarynyň aşagynda galan 30 adamy gözleýändiklerini aýtdy. Ol 533 adamyň ýaraly bolandygyny hem sözüne goşdy.

1999-njy ýylda Türkiýäniň günbataryndaky Izmit şäherinde bolan ýer yranmasy 17 müňden gowrak adamyň ölümine sebäp boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG