Kreml prezident Wladimir Putiniň esasy we uzak wagtlyk kömekçileriniň biriniň işden çekilendigi baradaky habarlary ret etdi.
Wladislaw Surkowyň işden çekilendigini onuň bir kömekçisi we Moskwanyň Syýasy barlaglar merkeziniň direktory Alekseý Çesnakow habar berdi.
Çesnakow 25-nji ýanwarda twitterde Surkow “Ukraina babatdaky ugruň üýtgeýändigi sebäpli” işden çekilýär diýdi.
Emma muňa garamazdan, Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow häzirlikçe Surkowyň işden çekilýändigi hakynda karar ýok diýdi. Şeýle-de ol rus mediasyna Kremliň Ukraina babatdaky syýasatynda üýtgeşmäniň bolmandygyny aýtdy.
Surkow gündogar Ukrainada 13 müňden gowrak adamyň ölümine getiren konflikti soňlamak boýunça gepleşiklere Orsýet tarapyndan gatnaşan esasy adam boldy. Orsýet tarapyndan goldanylýan separatistler bilen ukrain hökümet güýçleriniň arasyndaky söweşler 2014-nji ýylyň aprelinde başlandy.
Bu ýerdäki duşmançylyk Orsýetiň Ukrainanyň Krym ýarymadasyny anneksiýa etmegi bilen möwjäp galdy.
Kremliň “çal kardinaly” hökmünde giňden tanalýan Surkow Kremliň içeri syýasatdaky agalygyny pugtalandyrmakda we Orsýetiň Ukrainadaky hem-de öňki sowet giňişligindäki ekspansiýa syýasatlaryny berkitmekde kömekçi boldy.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.