Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý prezidenti ýagdaýyň “agyrdygyny”, ýöne hötde gelip boljagyny aýdýar


 Täze wirusyň ýurtda azyndan 56 adamy öldürendigi, 1975 adama bolsa ýokuşandygy aýdylýar.
Täze wirusyň ýurtda azyndan 56 adamy öldürendigi, 1975 adama bolsa ýokuşandygy aýdylýar.

Hytaýyň prezidenti, barha köp adam öldürýän we köp adama ýokuşýan koronawirusyň çalasyn ýaýramagy bilen, ýagdaýyň “agyrdygyny” aýtdy.

Dünýäniň beýleki ýurtlarynda hem bu kesele ýoluganlaryň gözlegi dowam etdirilýär.

Prezident Si Jinping 25-nji ýanwarda Kommunistik partiýanyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynda “Hytaý täze koronawirusyň ýaýramagynyň güýçlenmegi netijesinde agyr ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy” diýdi.

Bu wirusyň häzire çenli ýurtda azyndan 56 adamy öldürendigi, 1975 adama bolsa ýokuşandygy aýdylýar.

Emma muňa garamazdan, Si raýatlary ýurduň “bu söweşde üstün çykjagyna” ynandyrmaga çalyşdy. Şu aralykda barha kän şäherde awtoulaglaryň girişini we çykyşyny baglamak bilen, uly hereket çäklendirmeleriniň girizilýändigi habar berilýär.

Bu hadysa adaty ýagdaýda Hytaýyň iň uly baýramçylygy bolan Aý Täze ýylyna hem kölege saldy. Hytaýyň Syýahat hyzmatlary bileleşigi syýahat agentliklerine gezelençleriň ählisini togtatmalydygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG