Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kim Jong Unyň kakasynyň aýal dogany adamsy jezalandyrylyp öldürilenden alty ýyl soň köpçülikde göründi


Kim Jong Un ýarag synagyna syn edýär. Arhiw suraty
Kim Jong Un ýarag synagyna syn edýär. Arhiw suraty

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Unyň kakasynyň aýal dogany öz adamsy dönüklikde aýyplanyp, jezalandyrylyp öldürilenden alty ýyl soň ilkinji gezek köpçülikde göründi.

Döwlet mediasy 25-nji ýanwarda Kim Kyong Huýiň Phenýanda bir konsert zalynda Kimiň we onuň aýaly Ri Sol Juýiň ýanynda oturan suratlaryny çap etdi.

73 ýaşyndaky Kim Kyong Huý bir zaman, Demirgazyk Koreýanyň merhum lideri Kim Jong Iliň, häzirki lideriň kakasynyň ýalňyz aýal dogany hökmünde, ýurtdaky iň täsirli adamlaryň biri hasaplanýardy.

Ol Kim Jong Unyň häkimiýeti 2011-nji ýylyň aýagynda ýogalan kakasyndan miras alan ilkinji ýyllarynda möhüm rol oýnady.

Emma muňa garamazdan, Kim Jong Un 2013-nji ýylda Jang Song Thaeki, şol wagt Demirgazyk Koreýada ikinji güýçli adamy jezalandyryp öldürmegi buýrandan soň, ol il gözünden ýitirim boldy.

Adamsynyň jezalandyrylyp öldürilmegi Kim Kyong Huýiň hem syýasy arassalaýyş operasiýasynyň pidasy bolandygy baradaky gürrüňleriň ýaýramagyna sebäp boldy.

XS
SM
MD
LG