Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nur-Sultanda tupan sebäpli adatdan daşary ýagdaý yglan edildi


illustrasiýa suraty

Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultanyň häkimiýetleri güýçli şemal we gar bilen şäheri örten tupan sebäpli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdiler.

27-nji ýanwarda Nur-Sultana barýan transport ýollary petiklendi, paýtagtyň mekdepleri ýapyklygyna galýar.

Nur-Sultanyň halkara aeroportunyň metbugat wekili Ženis Ahmetžanow howpsuzlyk sebäpli ähli uçar reýsleriniň belli bolmadyk wagt möhletli ýatyrylandygyny žurnalistlere aýtdy.

Nur-Sultanyň adatdan daşary gullugy şäheriň ýaşaýjylaryny adatdan daşary ýagdaý ýatyrylýança paýtagty terk etmezlige çagyrdy.

Merkezi Aziýa ýurdunyň onlarça uly ýoly güýçli gar sebäpli ýapyklygyna galýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG