Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň aýallar komandasy futzal boýunça Eýranyň sportsmenlerinden utuldy


Täjigistanyň aýallar komandasy 2019-njy ýylyň 29-njy noýabrynda bolan CAFA çempionatynda
Täjigistanyň aýallar komandasy 2019-njy ýylyň 29-njy noýabrynda bolan CAFA çempionatynda

Eýranyň ýygyndy topary 2020-nji ýyl boýunça gyzlaryň arasynda futzal boýunça geçýän CAFA çempionatynda Türkmenistanyň komandasyndan 12:0 hasap bilen üstün çykdy. Bu barada Eýranyň "Mehr" (MNA) agentligi habar berýär.

24-29-njy ýanwar aralygynda Duşenbede geçýän regional sport çäresine Eýran, Gyrgyzystan, Owganystan, Özbegistan, Täjigistan we Türkmenistan gatnaşýar.

Merkezi Aziýanyň futbol assosiasiýasy (CAFA) Merkezi Aziýa regionynyň futbol bileleşigi bolup durýar.

Eýranyň mediasy öz ýurdunyň çempionatyň çäginde 15:0 hasap bilen Täjigistandan we 16:1 hasap bilen Owganystandan üstün çykandygyny habar berdi. Eýranyň topary Özbegistanyň komandasy bilen 28-nji ýanwarda we Gyrgyzystanyň komandasy bilen 29-njy ýanwarda duşuşar.

XS
SM
MD
LG