Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda 83 adamy alyp barýan uçar heläkçilige uçrady


Kabulyň halkara aeroporty
Kabulyň halkara aeroporty

Owganystanyň merkezi Ghazni welaýatynda ýolagçy uçar heläkçilige uçrady diýip resmiler aýdýarlar.

Adam pidalary barada dessine habar berilmedi.

Welaýatyň häkimi Wahidullah Kalimzaýiň AÝ/AR-na aýtmagyna görä, Owganystanyň Ariana milli awiakompaniýasyna degişli uçar 83 adamy alyp barýardy.

Döwlete degişli awiakompaniýa Facebook ulgamyndaky maglumatynda özüne degişli uçaryň heläkçilige uçrandygy baradaky habarlary ret etdi.

"Uçar heläkçiligi boldy, emma ol Ariana degişli däl, sebäbi Ariana tarapyndan şu gün Hyratdan Kabula we Hyratdan Delä amala aşyrylan iki sany uçar howpsuz" diýip Ariananyň ýolbaşçysy Mirwais Mirzakwal Reuters agentligine aýtdy.

Ghazni welaýaty Hindu Kuş daglarynyň eteginde ýerleşýär.

Welaýatyň häkimi Kalimzai uçaryň "Talybanyň" gözegçiligindäki Deh Ýak etrabynda ýere gaçandygyny aýtdy. Mundna öň onuň kömekçisi Aref Nouri uçar heläkçiliginiň sagat 13:10 töwereginde bolandygyny we sebäbiniň näbellidigini aýdypdy.

XS
SM
MD
LG