Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran satellitini orbita ugratmaga taýýarlanýar


2009-njy ýyldan bäri Eýran ençeme satellitini orbita ýollady. (arhiw suraty)

Älemden satellitleriň üsti bilen alnan suratlardan görnüşine görä, Eýranyň öz satellitini orbita uçurmaga taýýarlyk görýändigine çalym edýär. Geçen ýyl Eýranyň bu boýunça eden üç synanyşygy şowsuz tamamlanypdy.

ABŞ Eýranyň bu programa duwlanyp, ballistik raketalaryny özleşdirmegi maksat edinýändigini aýdýar.

“Hawa, biz Zafar satellitini orbita uçurmaga taýýarlyk görýäris” diýip, Eýranyň Maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalary ministri Mohammad Jawad Azari-Jahromi, ABŞ-nyň media serişdelerinde çykan habarlara jogap edip, çykyş etdi.

Ministr Tähranyň şu ýylyň dowamynda orbita başga-da bäş satelliti uçurmagy göz öňünde tutýandygyny aýtdy.

2009-njy ýyldan bäri Eýran ençeme satellitini orbita ýollady.

Birleşen Ştatlar Tähranyň bu tehnologiýalaryň üsti bilen ýadro ýaragyny daşama ukyply raketalary özleşdirmekçi bolýandygyny aýdýar. Tähran bu aýyplamalary inkär edýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG